- gark
- ◊ gark bolmak — Suwuň düýbüne gitmek, suwa batyp ölmek.∙ Adamlar gark bolupdyr. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)∙ Içýan bolsa suwa gark bolup, ölüp galypdyr. («Türkmen Halak Ertekiler Ýygyndysy»)∙ Namarda zar bolandan, gara derýa gark bol. (Magtymguly-Pyragy)◊ gark etmek1) Suwuň düýbüne batyrmak, suwa gidermek.∙ Suw güýjäp, gark etdi ony, Gitdi ol suwuň teýine. (Çary Aşyr, Poemalar)2) Halys doýurmak, basdyryp suwarmak, peli doldurup suw tutmak.∙ Ekini gark etdim, entekler suwsamaz.◊ gark urmak — Erbet üsgürmek, bir syhly üsgürmek.∙ Hasar gark urmaga başlady. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)∙ Sözüni gutardy-da, han içini tutup, gark urup aşak oturdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)◊ pikir derýasyna gark bolmak — seret pikir∙ Pikir derýasyna gark bolan Muhammet oňa bir bada batyrgaý jogap berip bilmedi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.